AÖB Owganystanyň elektrik üpjünçiligine 154 million dollar grant gönükdirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
AÖB Owganystanyň elektrik üpjünçiligine 154 million dollar grant gönükdirdi
Taslama laýyklykda, elektrik energiýasyny Türkmenistandan satyn almak göz öňünde tutulýar.

Aziýanyň Ösüş Banky ýurduň elektrik toguny günbatar Hyrat we Farah welaýatlaryna geçirip, degişli welaýatlardaky ýaşaýjylary elektrik energiýasynyň elýeterliligini üpjün etmek üçin Owganystandaky elektrik üpjünçiligini ýokarlandyrmaga 154,4 million dollarlyk granty tassyklady.

Bankyň çarşenbe güni beren habaryna görä, Aziýa ösüş gaznasyndan 36,4 mln ABŞ dollary möçberinde bölünip berlen grant serişdeleriniň üsti Owganystanyň infrastruktura maksatlaýyn gaznasynyň tehniki kömegi bilen doldurylar.

Aziýa ösüş banky tarapyndan dolandyrylýan Owganystanyň infrastruktura maksatlaýyn gaznasy, infrastrukturany ösdürmek arkaly owgan halkynyň durmuşyny gowulandyrmak maksady bilen 2010-njy ýylda döredildi.

Taslama laýyklykda, elektrik energiýasyny Türkmenistandan satyn almak göz öňünde tutulýar. Taslamanyň çäklerinde 100 megawattlyk energiýanyň ýel we gün elektrobeketlerinden satyn almak we dizel ýangyjyndan alynýan elektrik energiýasyny arassa we gaz esasynda alynýan amatly energiýasy bilen çalyşmak meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýaşaýyş ýerleriň ilkinji gezek elektrik energiýasy bilen üpjün edilmegi owgan hökümetiniň Milli energoüpjünçilik maksatnamasynyň wezipelerine kybap gelýär.

Bu taslama Owganystanyň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça umumy 1,2 milliard dollarlyk  maýa goýum maksatnamasynyň (2015-2024) bir bölegi bolup durýar. Aziýanyň ösüş banky 2002-nji ýyldan bäri 1,77 milliard dollarlyk grant bermek bilen, Owganystanyň energiýa pudagyndaky býujet boýunça iň uly hyzmatdaşlarynyň biridir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022