“Bagdan” täze ýyl üçin sowgatlyk önümlerini hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bagdan” täze ýyl üçin sowgatlyk önümlerini hödürleýär
“Bagdan” lukumlaryň 20 görnüşini, gury iýmişleriň 40-dan gowrak görnüşini ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän 10 sany dükanyň üsti bilen alyjylara ýetirýär.

Telekeçi Azat Durdyýewiň ýolbaşçylyk edýän “Bagdan” iýmit önümleri kärhanasy täze ýylyň öňüsyrasynda ýörite gaplarda sowgatlyk önümleri hödürlemegi göz öňünde tutýar.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, “Bagdan” lukumlaryň 20 görnüşini, gury iýmişleriň 40-dan gowrak görnüşini ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän 10 sany dükanyň üsti bilen alyjylara ýetirýär.

Şeýle-de kärhananyň “Bagdan” haryt nyşanly guradylan miwedir maňyzlaryny beýleki dükanlarda hem satyn almak mümkindir. “Bagdanyň” pisseli, kokosly, dürli miweli, gök önümli, ir-iýmişli, gawunly, gülli, künjüli we garyşyk görnüşli süýjülikleri alyjylaryň islegli önümleridir.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän konditer, mekgejöwen çipsilerini we maňyzlary öndürýän kärhana 2017-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Bu ýerde mekgejöwen çipsileridir taýajyklary, gowrulan, şekerli, künjüli arahisler we beýleki önümler dürli ölçegdäki gaplara gaplanylýar.

 
2022