Halaç etrabynda täze keramika kärhanasy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halaç etrabynda täze keramika kärhanasy açyldy
Täze önümçilik kärhanasynyň açylmagy 200-den gowrak täze iş orunlarynyň döremegine mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň gündogar sebitiniň Halaç etrabynda şenbe güni “Döwletli döwran” hojalyk jemgyýetiniň ýokary hilli keramiki önümleri öndürýän täze zawodynyň açylyş dabarasy geçirildi.

 “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň ýekşenbe güni habar berşi ýaly, ýerli gurluşyk kärhanasy tarapyndan gurulyp ulanmaga berlen zawodyň umumy meýdany 28 gektara deňdir.

Kärhananyň önümçilik amallary doly awtomatlaşdyrylyp, onuň taslama kuwwaty bir ýylda 192,5 müň tonna ýa-da 80 million önüm çykarmaga niýetlenendir.

Zawodda Ýaponiýanyň, Italiýanyň hem-de Ispaniýanyň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary hilli enjamlary we tehnikalary ornaşdyryldy.

Täze önümçilik kärhanasynyň açylmagy 200-den gowrak täze iş orunlarynyň döremegine mümkinçilik berdi.

Keramiki önümleri öndürýän täze zawod kuwwatlylygy hem-de ýokary tehnologiýalylygy babatda Merkezi Aziýa sebitinde iň iri kärhanalaryň biri bolar. Önümler ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş desgalarynyň, önümçilik binalarynyň gurluşygynda, jemagat hojalygy ulgamynda giňden ulanylar. Kärhana geljekde içerki bazary öz önümleri bilen doly üpjün etmegi we daşar ýurt bazarlaryna çykmagy meýilleşdirýär.