Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde sişenbe güni sungat çeper halyçylyk kärhanasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, täze binanyň açylyş dabarasyna “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň ýolbaşçylary we wekilleri, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, metbugat, medeni işgärler we sungat ussatlary gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, “Ruhabatgurluşyk” müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan gurlan iki gatly täze binanyň meýdany 5 müň inedördül metre barabardyr. Toplumyň düzümine önümçilik binasy, çig mal serişdeleri hem-de taýýar önümler üçin niýetlenen ammar, birnäçe inženerçilik-tehniki we durmuş üpjünçilik önümçiligi desgalary girýär.
Beýleki haly kärhanalarynda bolşy ýaly, täze kärhanada hem adaty nagyşly halylar bilen bir hatarda, dürli şekiller, portretler ýerleşdirilen halylary, sowgatlyk önümleri öndüriler. Täze binanyň gurulmagy bilen 200 iş orny emele geldi.
Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň sekiz sanysy degişli bolup, bular Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenanlar zähmet çekýär.