Aşgabatda bezeg demir gurnamalaryny öndürýän kärhana açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda bezeg demir gurnamalaryny öndürýän kärhana açyldy
Kärhananyň önümleri senagatda, energetikada, şeýle hem şäheri abadanlaşdyrmak we bezemek boýunça alnyp barylýan işlerde giňden ulanylar.

Aşgabat şäherinde çarşenbe güni ýylda 300 tonna bezeg demir gurnamalaryny öndürmäge mümkinçiligi bolan kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Daşary ýurtly öndürijileriň häzirki zaman enjamlary hem-de innowasiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze toplum, çykarylýan önümiň ýokary hilini üpjün eder. Geljekde şol önümleriň görnüşleri ep-esli artdyrylar.

Habarda bellenilşi ýaly, demir gurnamalarynyň önümçiligi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça ugurlaryň biri bolup, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer, desgalaryň düzüm bölekleriniň mäkämligini we ygtybarlylygyny üpjün eder, şeýle hem olaryň ulanyş möhletini artdyrar.

Kärhananyň önümleri senagatda, energetikada, şeýle hem şäheri abadanlaşdyrmak we bezemek boýunça alnyp barylýan işlerde giňden ulanylar. Bu önümler birnäçe artykmaçlyklara eýe bolup, dürli ugurdaky taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini düýpli giňeldýär.