Türkmen telekeçi zenany Täze ýyl sowgatlyk önümlerini öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçi zenany Täze ýyl sowgatlyk önümlerini öndürýär
Telekeçiniň tikinçilik bölüminde ýassyklar, süpürgiçler, aşhana öňlükleri, aşpezler üçin geýimler tikilýär.

Telekeçi Jemile Jepbarowa Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda öz tikinçilik bölüminde sowgatlyk harytlarynyň önümçiligini ýola goýdy.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, bu ýerde Täze ýyl baýramyna bagyşlanyp, çagalar üçin niýetlenen Aýazbaba eşikleri, torbalar, başgaplar taýýarlanylýar. Şeýle-de, isleglere görä, ýassyklaryň, egin-eşikleriň, torbalaryň ýüzüne adam atlary dürli reňkde ýazylyp, dürli şekillerdir suratlar hem ýerleşdirilýär.

Mundan başga-da, J.Jepbarowanyň tikinçilik bölüminde ýaşlar we ulular üçin niýetlenen dürli görnüşdäki egin-eşikler, torbalar, dürli reňkdäki ýüzünde nyşanjyklar ýerleşdirilen ýassyklar, süpürgiçler, aşhana öňlükleri, aşpezler üçin geýimler tikilýär. Onuň tikinçilik önümleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurt sergilerinde hem ýokary baha mynasyp bolýar.

Önümçiligiň aýratyn ugry hökmünde lukmançylyk maksatly tikilen önümler, gurluşykçylara, satyjylara, şeýle hem beýleki pudaklarda zähmet çekýän işçilere niýetlenen egin-eşikler tikilýär.

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamakda we höweslendirmekde maksadalaýyk işleri durmuşa geçirilýär we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda dokma senagatynda hususyýetçiligiň orny artdyrylýar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022