Türkmen kompaniýasy plastik önümleriniň 20-den gowrak görnüşini öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy plastik önümleriniň 20-den gowrak görnüşini öndürýär
Kompaniýa hojalyk üçin zerur bolan oturgyçlar, bedreler, azyk önümlerini saklamak üçin gaplar, süzgüçler, legen, geýim asgyç, kürüşge ýaly önümleri öndürýär.

“Hojalyk hyzmaty” hojalyk jemgyýeti “Galkynyş” haryt nyşanly dürli ölçegli, reňkli plastik önümleriniň 20-den gowrak görnüşini öndürýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, kompaniýa hojalyk üçin zerur bolan oturgyçlar, bedreler, azyk önümlerini saklamak üçin gaplar, süzgüçler, legen, geýim asgyç, kürüşge ýaly önümleri öndürýär. Öý goşlaryny saklamak üçin çekerli plastik önümlere-de uly isleg bildirilýär.

Mundan başga-da, bir gezeklik ulanylýan gap-gaçlar we olary taýýarlamak üçin plastikler öndürilýär. Olar ýurdumyzda öndürilen polipropilenden taýýarlanylýar.

Bellenilişi ýaly, kärhananyň önümleri, esasan, kärhana degişli bolan “Galkynyş” söwda merkezinde müşderilere hödürlenilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň dürli sebitlerine ugradylýar.

2017-nji ýylda işe başlan “Hojalyk hyzmaty” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär.