“Ak hünji” gurluşyk materiallarynyň önümçiligini giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak hünji” gurluşyk materiallarynyň önümçiligini giňeldýär
Geljek ýyl kompaniýa ekstrudirlenen penopolistiroldan üstki bezeg potolok profilleriniň önümçiligi üçin täze önümhana açmagy göz öňünde tutýar.

“Ak hünji” hususy kärhanasy gurulýan binalaryň daşky bezegi üçin gurluşyk harytlaryň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti duşenbe güni habar berdi.

Hususan-da, penopolistirol bilen örtülen bezegleriň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Kärhana bezeg termopanelleriniň iki görnüşiniň, bezeg profilleriniň alty görnüşiniň, binagärlik elementleriniň 18 görnüşiniň we içerki interýer üçin agaja meňzedilen falşbalkyň bir görnüşiniň önümçiligini özleşdirdi.

Kompaniýa polimerden, penopolistiroldan (EPS we XPS), polipropilenden, polietilenden ýasalýan önümleriň we sendwiç panelleriň täze görnüşleriniň önümçiligini giňeltmegi meýilleşdirýär.

2021-nji ýylda kompaniýa ekstrudirlenen penopolistiroldan üstki bezeg potolok profilleriniň önümçiligi üçin täze önümhana açmagy göz öňünde tutýar. Önümhananyň ýyllyk kuwwaty 1 million 200 müň metre barabar bolar.

“Ak-hünji” hususy kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyrylyp, ol häzirki wagtda ýurtda bezeg profillerini we sendwiç panellerini öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biridir.

2022