Özbegistan aýakgap eksportyny 91% ýokarlandyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan aýakgap eksportyny 91% ýokarlandyrdy
Özbegistandan eksport edilen aýakgaplaryň sany 28,8 million jübüde barabar boldy.

Özbegistan Respublikasy 2020-nji ýylda aýakgap önümleriniň eksportyny 90 göterimden gowrak ýokarlandyrdy. Bu barada Özbegistanyň Milli habar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Hasabat döwründe Özbegistandan eksport edilen aýakgaplaryň sany 28,8 million jübüde barabar boldy. Şol bir wagtda importyň mukdary 74 göterim azaldy.

2020-nji ýylda eksport edilen aýakgaplaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 91 göterim ýokarlandy. Täjigistana iberilýän önümler 4,5 esse, Owganystana - 4,4 esse, Gazagystana - 2,1 esse, Türkmenistan - 1,8 esse, Gyrgyzystana eksport bolsa 1,1 esse ýokarlandy.

Häzirki wagtda özbek aýakgaplarynyň eksporta ugradylýan ýurtlarynyň sany 12-ä ýetip, olaryň hataryna ABŞ, Birleşen Arap Emirlikleri, Kuweýt, Latwiýa we Moldowa ýaly döwletler girýär.

2022