Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň merkezi şäherinde ýerleşýän “Serdar” pagta egriji fabriginde ýylyň başyndan bäri pamyk önümleriniň 400 tonnadan gowragy öndürilip, 145% ösüş gazanyldy.
“Türkmenistan” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri fabrikde dünýä ýüzünde ýokary islegden peýdalanýan dürli möçberdäki nah ýüplügiň 1220 tonnadan gowragy öndürildi. Özüniň ýokary hili hem-de halkara ülňülere laýyklygy bilen dünýäde bäsdeşlige ukyply önümler içerki we daşarky bazarlara ugradyldy.
Öňden hereket edýän “Serdar” fabrigi tehnologik taýdan doly täzelenip, onuň ähli önümçilik ulgamlaryna pagta egriji enjamlaryň kämil nusgalary ornaşdyryldy.
2020-nji ýylda nah ýüplükler bilen bir hatarda dokma materiallaryndan alynýan pamygyň önümçiligi hem ýola goýuldy.
Daşoguz şäherindäki “Serdar” pagta egriji fabrigi Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň düzüminde ilkinji gurlan pagta egriji kärhanalaryň biri bolup durýar.