Türkmenistanda paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygyny ýerine ýetirmek hakynda maglumat

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygyny ýerine ýetirmek hakynda maglumat
Gurujy hakynda maglumatlarda gurujynyň, onuň esaslandyryjylarynyň doly ady we ýerleşýän ýeri görkezilmelidir.

“Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, gurujy hakynda maglumatlarda şu aşakdakylar görkezilýär:

  • gurujynyň, onuň esaslandyryjylarynyň doly ady we ýerleşýän ýeri;
  • gurujynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamanyň berlen senesi we belgisi;
  • gurujyda tertip san belgisiniň, ygtyýarnamanyň berlen senesiniň we möhletiniň görkezilmegi bilen gurluşyk-gurnama işleriniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnamasynyň barlygy;
  • gurujy tarapyndan ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygy üçin karz (nesýe) serişdeleriniň çekilmegi baradaky maglumatlar.

Ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygy gurujynyň öz güýji bilen alnyp barylmaýan bolsa, degişli ygtyýarnama hem-de karz (nesýe) serişdeleriniň çekilmegi baradaky maglumatlar ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygyny amala aşyrýan potratçy gurama babatda berilýär.

Paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy bilen baglylykda, gurluşygyň taslamasy hakynda maglumatlarda nämeler görkezilýär?

Gurluşygyň taslamasy hakynda maglumatlarda şu aşakdakylar görkezilýär:

  • gurluşygyň taslamasynyň maksady we onuň durmuşa geçirilmeginiň möhletleri;
  • ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, guruja ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygy üçin ýer böleginiň berilmegi barada kararynyň senesi we san belgisi;
  • gurulýan ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ýerleşýän ýeri;
  • paýçylaryň ýaşaýyş jaýyndaky we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektdäki umumy emläginiň düzümi;
  • ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygynyň bahasy;
  • işe çekilen gurluşyk-gurnama we başga işleri amala aşyrýan guramalaryň sanawy.

Çeşme: “Rysgal” gazeti, 21.12.2020.

2022