Telekeçi Batyr Rawşanowyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky ýyladyşhanasynda her gün 50 kilogram ýertudana hasyly alynýar.
"Rysgal" gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, ýyladyşhanada ýer tudananyň “Albion” görnüşi ýetişdirilip, onuň şitili Türkiýeden getirildi. 2017-nji ýyldan bäri 0,6 gektar ýerden ýertudana hasyly alynýar.
Habara görä, ýertudananyň bu görnüşi çygly şertlerde ýetişdirilýändigi sebäpli, ondan ýylyň ähli paslynda-da bol hasyl alyp bolýar.
Ýaz aýlary ýyladyşhanada her gün ýertudananyň 200 kilograma çenli hasyly ýygnalýar. Ortaça ululykdaky, uzak wagtlap terligini ýitirmeýän ýertudana hasylynyň daşalmagy hem amatly.
Rawşanowyň ýyladyşhanasynda häzirki wagtda onlarça adam zähmet çekýär. Telekeçiniň öndürýän datly miweleri “Ter önüm” hojalyk jemgyýeti tarapyndan “Tudana” haryt nyşany bilen, ýörite gaplara ýerleşdirilip, ýurdumyzyň söwda nokatlaryna iberilýär.
Dünýäde ýertudana önümçiliginiň aglaba bölegi Hytaýyň paýyna düşýär – 2019-njy ýylda 3.8 million tonna, ýagny dünýäde ösdürilip ýetişdirilýän iýmişleriň 42 göterimi. Hytaýdan soň ABŞ, Meksika, Müsür we Türkiýe bu hoşboý ysly miweleri ýetişdirýän iri ýurtlaryň yzygiderliligini düzýär. Bu ýurtlarda ýylda 415 müň tonnadan 1.4 million tonna çenli ýertudana ösdürilip ýetişdirilýär.