Köýtendagda duz plitalarynyň hususy önümçiligi ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Köýtendagda duz plitalarynyň hususy önümçiligi ýola goýuldy
Plitalaryň galyňlygy 2,5 santimetre barabar bolup, olaryň agramy ortaça 2,20 kilograma deňdir.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän “Sabyr, Timur Taşewler” hususy kärhanasy ini-uzynlygy 20 santimetr möçberindäki duz plitalarynyň önümçiligini ýola goýdy.

“Türkmen gündogary” gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, täze önüm öndürmekde diňe ýerli çig mal ulanylýar. Plitalaryň galyňlygy 2,5 santimetre barabar bolup, olaryň agramy ortaça 2,20 kilograma deňdir. Kärhanada her gün şeýle plitalaryň 1000-e golaýy öndürilýär.

Her 10 plita polietilen gapda birikdirilip, içerki bazara we eksporta ugradylýar.

Bellenilişi ýaly, duz plitalary bejergi maksatly bolup, noýabr aýynda açylan “Bagabat” şypahanasynda-da giňden ulanylýar. Duzly howasy bolan “Bagabat” şypahanasynyň galoterapiýa otagynda Köýtendagyň duzly gowaklarynyň emeli mikro howasy döredildi.

Mundan başga-da, kärhana sekiz ýyldan bäri toz görnüşli hek öndürýär. Sehde şeýle hekleriň her gün 15 tonna golaýy öndürilýär.

Kärhanada diwar we potolok üçin niýetlenilen gipsokarton listiniň önümçiligi hem giňden ýola goýulandyr.

Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen döwrebap enjamlar her çalşykda toplaryň 15-e golaýyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Her biri 3 inedördül metr bolan 55 list bir topy emele getirýär. Listiň galyňlygy 9,5 millimetre barabardyr.

Kärhananyň önümçilik sehiniň ýolbaşçysy Şöhrat Haýydowyň aýtmagyna görä, kärhanada 100-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Häzirki wagtda kärhana öz önümlerini esasan GDA döwletlerine eksport edýär. Kärhana gelejekde önümleriniň eksport gerimini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär.

 
2022