Lebaply telekeçi ýertudana hasylyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply telekeçi ýertudana hasylyny artdyrýar
Ýyladyşhanada ir-iýmişiň “Festiwal” we “Sabrina” görnüşleri ýetişdirilýär, olaryň hasyly ululygy hem-de datly tagamy bilen özüne çekýär.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndan telekeçi Ruslan Abdullaýew geljek ýylda öz ýyladyşhanasynda ýertudananyň 15 tonna hasylyny almagy meýilleşdirýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, geçen ýyl telekeçi bu ýerde 10 tonna ýertudana hasylyny almagy başardy. Her gün ýertudananyň 100 kilograma çenli hasylynyň ýygnalmagy telekeçiniň uly sepgide ýetmegine mümkinçilik berdi.

Ýyladyşhanada ir-iýmişiň “Festiwal” we “Sabrina” görnüşleri ýetişdirilýär, olaryň hasyly ululygy hem-de datly tagamy bilen özüne çekýär.

Döwrebap derejede enjamlaşdyrylan ýyladyşhanada pomidory we ýertudanany ýetişdirmek boýunça baý tejribe toplanylyp, bu ýerde howa çalşygy, suwaryş ulgamy we dökün bermek awtomatik usuldadyr.

Ekinler ýörite arylaryň kömegi bilen tozanlandyrylýar. Bu ýerde häzirki wagtda 25 hünärmen zähmet çekýär. “Ýaşyl öý” haryt nyşanly, dürli görnüşli owadan gaplara ýerleşdirilen ter ýertudanalar, esasan hem körpeleriň iň halaýan nygmatydyr.

Telekeçi geljekde Ahal welaýatynyň çäginde 8 gektar ýerde ýyladyşhana hojalygyny döredip, pomidor, bolgar burç ýaly gök önümleriň bol hasylyny halkymyza ýetirmegi maksat edinýär.

2022