“Apple” kompaniýasy 2024-nji ýylda awtoulag önümçiligini ýola goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Apple” kompaniýasy 2024-nji ýylda awtoulag önümçiligini ýola goýmakçy
Taslama boýunça işler 2014-nji ýyldan bäri alnyp barylýar.

“Apple” öz-özüni dolandyrýan awtoulagy bolan “Titan” taslamasynyň üstünde işläp, ony 2024-nji ýyla çenli köpçülige hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi birnäçe çeşmelere salgylanyp habar berýär. Öz-özini dolandyrýan awtoulagda “täze nesil” akkumulýatorlary ulanylar. Ol akkumulýatorlar kompaniýanyň öz tehnologiýasy tarapyndan işlenip düzülen.

Taslama boýunça işler 2014-nji ýyldan bäri alnyp barylýar. Bu döwürde kompaniýa taslamanyň baş ýörelgelerine birnäçe gezek täzeden garady we akkumulýatorlaryň bahasyny düşürip boljak we has köp energiýa saklap biljek tehnologiýasyna ünsini jemledi.

“Apple” haryt nyşanly öz-özüni dolandyrýan awtoulagy kimiň ýygnajakdygy heniz belli däl. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, kärhana köpçülikleýin sarp edijiler üçin awtoulag döretmegi maksat edinýär.

Mundan başga-da, Lidar sensorlary arkaly ýoluň üç ölçegli şekilini almaga mümkinçilik berýän dolandyryş ulgamy we birnäçe aýratynlyklaryny döretmekde “Apple” kompaniýasy ençeme hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar.

Pandemiýa sebäpli awtoulag önümçiligi 2025-nji ýyla ýa-da soňky ýyllara geçirilip bilner.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022