Özbegistanda ilkinji gün elektrik stansiýasyny maliýeleşdirmek babatda ylalaşyklara gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistanda ilkinji gün elektrik stansiýasyny maliýeleşdirmek babatda ylalaşyklara gol çekildi
“Nur Navoi Solar” kompaniýasy gün elektrik stansiýasynyň gurluşygyny we soňra dolandyryşyny amala aşyrar.

Bütindünýä banky, “Abu Dhabi Future Energy Company” (“Masdar”) kompaniýasy, Aziýanyň ösüş banky we Özbegistanyň hökümeti ýurtda 100 megawattlyk ilkinji gün fotoelektrik stansiýasyny maliýeleşdirmek boýunça karz we ätiýaçlandyryş ylalaşyklaryna gol çekdiler. Bu barada Bütindünýä bankynyň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Halkara maliýe korporasiýasy (IFC) we Aziýanyň ösüş banky bu taslama üçin 60 million ABŞ dollaryna çenli serişdeleri gönükdirerler. Stansiýa Özbegistanda ilkinji iri göwrümli arassa energiýany öndürýän desga bolar. Desga hususy kompaniýa tarapyndan gurlar we dolandyrylar.

Şol bir wagtyň özünde, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky  “Masdar” kompaniýasyna taslamanyň paýdarlar maýasyny maliýeleşdirmek üçin gysgamöhletleýin aralyk karzyny berer.

Beýanata görä, bu taslama Özbegistanyň ekologiki taýdan arassa energiýany öndürmek, elektroenergiýanyň durnuksyz üpjünçiligini berjaý etmek we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini ýeňip geçmek boýunça meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde uly goşant goşar.

“Nur Navoi Solar” kompaniýasy gün elektrik stansiýasynyň gurluşygyny we soňra dolandyryşyny amala aşyrar. Bu kompaniýa Birleşen Arap Emirlikleriniň energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri ugrunda işleri alyp barýan “Masdar” kompaniýasyna degişlidir.

“Masdar” kompaniýasy elektroenergiýany 25 ýylyň dowamynda 1 kilowatt/sagat üçin 2,679 amerikan sent bahadan üpjün etmek borçnamany öz boýnuna aldy. Bu bolsa häzirki wagtda Merkezi Aziýada gün energiýasyna bolan iň pes bahaly tariff bolup durýar. “Nur Navoi Solar” kompaniýasy elektroenergiýany «Özbegistanyň milli elektroulgamy» PJ-ne ýokarda görkezilen üýtgemeýän bahadan 2046-njy ýyla çenli satyp durar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022