Türkmen kompaniýasy TOPH taslamasy üçin sargydy ýerine ýetirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy TOPH taslamasy üçin sargydy ýerine ýetirdi
Kärhanada her gün diametrine baglylykda 200 metrden 1000 metre çenli polimer turbalar öndürilýär.

“Türkmen enjam” hojalyk jemgyýeti TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşykçylary üçin 214 müň metrden ybarat bolan ýokary basyşly polietilen turbalary (diametri 225 millimetr) öndürmek boýunça sargydy ýerine ýetirdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kompaniýanyň turba önümleri gurluşyk meýdançalarynda suw üpjünçiligini berjaý etmek, tehniki zerurlyklary we gaz geçiriji turbany gurýan tehniki işgärleriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ulanylar.

Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat toplumynda ýerleşýän zawodynda diametri 110-630 millimetrden ybarat bolan polietilen we polipropilen suw geçiriji we lagym turbalary öndürilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada her gün diametrine baglylykda 200 metrden 1000 metre çenli polimer turbalar öndürilýär. Önümçilikde ulanylýan çig malyň aglaba bölegi Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumyndan getirilýär.

Ýaňy-ýakynda “Türkmen enjam” hususy kärhanasy ýyllyk önümçilik kuwwaty bir million tonnalyk Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üçin bäsleşikde ýeňiji hökmünde kesgitlenildi. Täze zawod 2022-nji ýylyň dekabrynda işe giriziler.

2022