Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistandaky diplomatik düzümi gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistandaky diplomatik düzümi gutlady
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisini ýetip gelýän baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onlaýn wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen sişenbe güni gürrüňdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlige Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy hem-de özüniň diplomatik işini strategik ugurlaryň ikisi boýunça amala aşyrýandygy bellenildi. Munuň özi daşary ýurt döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmakdan hem-de halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Biziň ýurdumyz içerki durnuklylyk we syýasy ulgamyň berkligi, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşyna demokratik ýörelgeleri tapgyrlaýyn ornaşdyrýandygy bilen tapawutlanýar. Biziň halkara giňişlikde eýeleýän ygtybarly ornumyz, dünýäniň döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklarymyz hut şular bilen şertlendirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

A.Blohin diplomatik düzümiň adyndan Täze ýyl gutlagy bilen çykyş etmek mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglygyny, bagt we abadançylyk arzuw etdi.

Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi, beýleki döwletleriň parahatçylykly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy üçin şertleriň döredilmegine ýardam etdi diýip, ilçi nygtady.

Şeýle hem, energetika, ulag, ekologiýa, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda täzeçil halkara başlangyçlaryň ilerledilmegi bellenildi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Täze, 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň aýratyn manysy bardyr.

Gepleşigiň soňunda, Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisini ýetip gelýän baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.

 
2022