Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumy boýunça täze wise-premýer belledi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumy boýunça täze wise-premýer belledi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda Nökerguly Hojagulyýewiç Atagulyýewi Hökümetiň söwda toplumy we dokma senagaty boýunça wise-premýeri wezipesini wagtlaýyn ýerini ýetiriji hökmünde belledi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täze wezipä bellenilýänçä, N.Atagulyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýolbaşçylyk edýärdi.

Atdaýew Batyr Taganowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022