Fransuz kompaniýasy şu ýyl ilkinji emeli ýüregi satuwa çykarar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fransuz kompaniýasy şu ýyl ilkinji emeli ýüregi satuwa çykarar
Portzamparc analitigi Muhammet Kaabouniniň pikiriçe, “Carmat” kompaniýasy emeli ýüregiň üsti bilen 2030-njy ýyla çenli Ýewropada ýylda 700 million ýewro gazanyp biler. (Surat: AFP)

Fransiýada ýerleşýän “Carmat SA” şu ýyl ilkinji emeli ýüregi satuwa çykarar. Bu barada “Bloomberg” agentligi geçen hepde habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, geçen hepde “Carmat” emeli ýürek üçin CE belgisini aldy, bu kompaniýa indi Ýewropa Bileleşiginde ýürek ýetmezçiliginden ejir çekýän hassalar üçin wagtlaýyn ýürek transplanty hökmünde öz önümini satyp biler.

“Carmat” kompaniýasynyň CE belgisini almagy üçin 10 ýyl gerek boldy we “şeýle enjamyň çylşyrymlylygy göz öňünde tutulsa bu rekord” diýip Carmatyň ýerine ýetiriji direktory Stefan Piat belläp geçdi. “Bejergimizi hödürlemek üçin biz lukmanlar we lukmançylyk merkezleri bilen işlemeli we hassalary gözlemeli bolarys, önümçilik tapgyry näzik bolar.”

Portzamparc analitigi Muhammet Kaabouniniň pikiriçe, “Carmat” kompaniýasynyň emeli ýüregi ýokary mümkinçilige eýe bolup, 2030-njy ýyla çenli Ýewropada ýylda 700 million ýewro gazanyp biler.

“Carmat” emeli ýüregi 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde satyp başlar.