Türkmen nah ýüplügine isleg artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen nah ýüplügine isleg artýar
Türkiýe, Azerbaýjan döwletleriniň wekilleri daşary ýurt puluna nah ýüplük satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 33 million 693 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH ýekşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Türkiýe, Azerbaýjan döwletleriniň wekilleri daşary ýurt puluna nah ýüplük satyn aldylar.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Pakistanyň we Gazagystanyň işewürleri 12 million manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.

2022