“Parahat” hususy kärhanasy içilýän ýogurtlaryň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Parahat” hususy kärhanasy içilýän ýogurtlaryň önümçiligini ýola goýdy
Kompaniýa “Joş” we “Eçil” haryt nyşanly miwe şireleri, “Dat” haryt nyşanly tomat önümleri, “Süýtli dere” we “Däp” atly süýt we süýt önümleri öndürýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Parahat” hususy kärhanasy “DÄP” haryt nyşanly içilýän ýogurdyň önümçiligini ýola goýdy. Täze önüm 200 millilitr aseptik gaplara gaplanyp, uzak möhletleýin durumlylygy bilen tapawutlanýar.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, täze önümleriň sagatda 6 müň gaby öndürilýär. Häzirki wagtda içilýän ýogurtlaryň şetdaly, tokaý miweleri we ýertudana tagamly görnüşleri öndürilýär.

Kompaniýanyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda süýji tagamly içilýän ýogurtlaryň başga-da birnäçe görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak we olary 500 millilitr gaplarda öndürmek göz öňünde tutulýar. Daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan süýt önümleri bahasynyň elýeterliligi we tebigy taýdan arassalygy bilen müşderileri has-da özüne çekýär.

Kompaniýa “Joş” we “Eçil” haryt nyşanly miwe şireleri, “Dat” haryt nyşanly tomat önümleri, “Süýtli dere” we “Däp” atly süýt we süýt önümleri, “Han” sowuk çaýlary, “Özi” we “Arma” haryt nyşanly gazly we gazsyz içgileri, “Ýeserje” ady bilen çaga iýmitleri, şeýle hem şöhlatlaryň dürli görnüşlerini öndürýär.