Halkara howa ulagy assosiasiýasy (International Air Transport Association, IATA) syýahatçylara islendik COVID-19 barlag talaplaryny kanagatlandyrmak üçin syýahaty aňsat we ygtybarly dolandyrmaga mümkinçilik berýän “Travel Pass” programmasyny 2021-nji ýylyň 1-nji çärýeginde işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada “ORIENT.tm” sişenbe güni habar berdi.
“Barlag bu serhetleriň howpsuz açylmagy we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary dikeltmek üçin çözgüt bolup durýar. Ygtybarly ulgam COVID-19 barlaglaryny ýa-da sanjym maglumatlaryny dolandyrmak üçin möhümdir. IATA-nyň “Travel Pass” programmasy syýahatçylaryň we hökümetleriň ynanyp biljek çözgüdi bolup durýar” diýip, IATA-nyň ýolbaşçysy Aleksandr de Juniak aýtdy.
“Travel Pass” programmasynyň üsti bilen ýolagçylar kodlanan maglumatlary, şol sanda tassyklanan COVID-19 barlag netijelerini ýa-da sanjymlary özünde saklap we awiakompaniýalara hem-de hökümet edaralaryna iberip bilerler.
IATA guramasy COVID-19 synag netijelerini “Travel Pass” programmasynyň eýesiniň tassyklanan şahsyýeti bilen ygtybarly baglanyşdyrmak üçin öňdebaryjy barlaghanalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.
IATA-nyň Travel Pass ýol kartynyň ýolagçylara amatly galtaşyksyz syýahat üçin mümkinçilikleri döretmegine garaşylýar.