Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen täze ilçi, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çul döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada TDH penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen täze ilçi, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, sebitde möhüm orun eýeleýän Türkmenistan bilen öz ýurdunyň umumy maksatlaryň we bähbitleriň gabat gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara serhetler açylanyndan soň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygy geçirmek üçin Koreýa Respublikasyna jogap saparyny amala aşyrmakçydygyny aýtdy.

Diplomat öz tarapyndan däp bolan türkmen-koreý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.

2022