Türkmenistan Gruziýa reaktiw ýangyjyň 40 müň tonnadan gowragyny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Gruziýa reaktiw ýangyjyň 40 müň tonnadan gowragyny eksport etdi
Gruziýada TNGIZT-de öndürilýän beýleki nebit önümleri uly islegden peýdalanýar.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň 11 aýynda Gruziýa Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän reaktiw ýangyjyň 40 müň tonnadan gowragyny eksport etdi. Munuň özi Gruziýanyň awiakerosin importynyň umumy möçberiniň 80%-ne deň boldy. Bu barada Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijiler birleşiginiň maglumatlaryna salgylanyp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron gazeti anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan birnäçe ýyldan bäri, Gruziýa awiasion ýangyjyny eksport edijileriň arasynda öňdeligi saklap, bu babatda Türkiýe, Rumyniýa we beýleki döwletler bilen bäsleşýär.

Şeýle hem Gruziýada TNGIZT-de öndürilýän beýleki nebit önümleri hem uly islegden peýdalanýar. Şeýlelikde, ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistandan Gruziýanyň bazarlaryna 93 müň tonnadan gowrak awtomobil benzini we dizel ýangyjy iberildi.

2020-nji ýylda Gruziýa ilkinji sapar adaty oktan A-91 kysymly ýangyjy Türkmenistandan import etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022