Türkmenistanda antiseptikler üçin sensor dispenseriniň önümçiligi ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda antiseptikler üçin sensor dispenseriniň önümçiligi ýola goýuldy
Enjam köptaraply bolup, onuň içindäki gabyna eli zyýansyzlandyrmak üçin islendik antiseptikler bilen dolduryp bolýar.(Surat: Orient.tm)

“Steriderm” zyýansyzlandyryjy önümlerini öndürýän ýerli öndürijisi 250-1000 ml suwuk zyýansyzlandyryjy serişdesi üçin niýetlenen sensor dispensorlarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “ORIENT.tm” penşenbe güni habar berdi.

Demir gaby dispenseriň ulanylmagynda berkligi kepillendirýär. Şeýle-de, enjam köptaraply bolup, onuň içindäki gabyna eli zyýansyzlandyrmak üçin islendik antiseptikler bilen dolduryp bolýar. Aýrylýan gap dozatory aňsat arassalamaga we zyýansyzlandyrmaga mümkinçilik berýär

Galtaşyksyz dozatorlar diňe köpçülik ýerlerine däl, eýsem jaýyň içki bölegine hem laýyk gelýär. Habarda bellenilişi ýaly, gurnama toplumyna enjamy dik gurnamak üçin zerur berkidijiler girýär.

Şeýle awtomatlaşdyrylan lukmançylyk dispenserleriniň esasy artykmaçlygy olaryň özbaşdaklygy bolup, umumy epidemiologiki ýagdaýy gowulandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir.