Daşary ýurtly telekeçiler türkmen kerosinini we benzinini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtly telekeçiler türkmen kerosinini we benzinini satyn aldylar
Gonkongdan, Owganystandan, Özbegistandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem ulag benzinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 4 million 908 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti şenbe güni habar berdi.

Gonkongdan, Owganystandan, Özbegistandan gelen işewürler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem ulag benzinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa, ABŞ, Hytaý, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan döwletleri daşary ýurt puluna nah-ýüplük, buýan kökini satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Pakistanyň we Gazagystanyň işewürler toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 26 million 984 müň manatlykdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 2 million 405 müň manatlykdan gowrak mäş hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 27-si baglaşyldy.

2022