“Ýüpekçi” kompaniýasy içgileriň täze görnüşlerini öndürmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýüpekçi” kompaniýasy içgileriň täze görnüşlerini öndürmegi meýilleşdirýär
Kompaniýa “Hoşal”, “Buzz”, “Ýunus”, “Näzli”, “7gen” haryt nyşanly miwe şireleri öndürýär.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň ýaz aýlarynyň başynda süýji tagamly içgileriň täze görnüşlerini öndürmegi meýilleşdirýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, häzirki wagtda kompaniýanyň “Hoşal”, “Buzz”, “Ýunus”, “Näzli”, “7gen” haryt nyşanly miwe şireleridir sowuk çaýlary, şeýle-de “Bold” haryt nyşanly witamin içgisi ýaly önümleriň günde her görnüşinden 150 - 200 müň gaby öndürilýär.

Kompaniýanyň önümleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurt bazarlarynda-da meşhurlyga eýedir. Geçen ýylda onuň önümleriniň ýüzlerçe müň gaby goňşy ýurtlara ugradyldy.

Kärhanada 270-den gowrak hünärmen iki tapgyrda zähmet çekýär. Çig mal hökmünde, esasan, ys berijiler, limon turşusy, şeker hem-de miwe şiresi ýaly goşundylar ulanylýar.

Bellenilişi ýaly, kompaniýanyň “Bold” haryt nyşanly alkogolsyz, gazlandyrylan zirk tagamly witamin içgisi 2020-nji ýylyň fewralynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçen “PRODEKSPO - 2020” halkara sergisiniň çäginde guralan “Innowasion önüm” bäsleşiginde birinji orny eýeläp, altyn medala mynasyp boldy.

“Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti 2015-nji ýyldan bäri alkogolsyz içgileriň dürli görnüşlerini öndürýär.

 
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022