Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Altyn bürgüt” hususy kärhanasynyň 8,5 gektar meýdanynda ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanalar toplumynda 2019-2020 ekin möwsüminde 1900 tonnadan gowrak pomidor hasyly alyndy.
“Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, kompaniýanyň öndürýän pomidor hasylynyň 85 göterimi Türkiýe, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletlere yzygiderli eksport edilýär.
Şeýle-de, ýyladyşhanalaryň 14-sinde pomidoryň Gollandiýadan getirilen ýokary we ýokumly hasyl berýän görnüşleri ýetişdirilýär. Pomidoryň bu görnüşleri 5-6 aýdan hasyl berip başlaýar we onuň her düýbi 15 kilograma çenli hasyl berýär.
Bellenilişi ýaly, pomidorlary ýetişdirmek üçin işçileriň 100-e golaýy zähmet çekýär. Her möwsümde pomidor nahallarynyň 195 müň düýbi ýyladyşhanalarda oturdylýar. Şu ekin möwsüminde ýygnalan pomidor hasylynyň mukdary eýýäm 400 tonnadan geçip, onuň 300 tonna golaýy daşary ýurtlara eksport edildi.
Häzirki wagtda kompaniýanyň ýyladyşhanalar toplumynyň diňe birinji tapgyry hereket edýär. Toplumyň gurluşygy doly tamamlanandan soň pomidoryň ekiljek meýdany meýilleşdirilen 21 gektara ýeter.