LVMH kompaniýasy “Tiffany” kärhanasyny satyn aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
LVMH kompaniýasy “Tiffany” kärhanasyny satyn aldy
“Tiffany”-nyň paýdarlary 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda kompaniýany LVMH-a satmak boýunça 15,8 milliard dollarlyk şertnamany tassykladylar. (Surat: Reuters)

Meşhur fransuz “LVMH Moët Hennessy Louis Vuitton” kompaniýasy şaý-sepleri öndürýän amerikan “Tiffany and Co.” kompaniýasyny satyn alandygyny yglan etdi. Bu barada geçen penşenbe güni LVMH-nyň metbugat beýanatynda habar berildi.

Dünýäbelli zergärçilik kompaniýasynyň satyn alynmagy LVMH kompaniýasynyň zergärçilik we sagat öndürmek ugurlarynyň ösdürilmegine ýardam berer we onuň eýeçiligindäki 75 haryt nyşanlaryň üstüni doldurar.

“Men “Tiffany”-ny we onuň zehinli işgärlerini toparymyza almaga şat. Dünýäbelli zergärçilik haryt nyşany iň köp tanalýanlaryň biridir” diýip, LVMH-nyň Prezidenti we ýolbaşçysy Bernard Arno aýtdy.

“Louis Vuitton” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary bolan Entoni Ledru “Tiffany”-nyň Prezidenti we ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.

Bernard Arno öz 28 ýaşly ogly Aleksandr Arnony “Tiffany” kompaniýasynyň wise-prezidenti wezipesine belledi. Ozal Aleksandr Arno gymmat bahaly goş torbalaryny öndürýän “Rimowa” kompaniýasynyň ýolbaşçysy wezipesinde işledi.

“Tiffany”-nyň paýdarlary 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda kompaniýany LVMH-a satmak boýunça 15,8 milliard dollarlyk şertnamany tassykladylar.

“LVMH Moët Hennessy Louis Vuitton” halkara fransuz korporasiýasy LVMH ady bilen tanalyp gymmat baha önümlerini çykarýar. LVMH 75 haryt nyşanlary, şol sanda “Louis Vuitton”, “Dior”, “Givenchy”, “Bulgari” we “Hublot” haryt nyşanlaryny öz içine alýar.

 
2022