Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen giňişleýin göçme mejlisinde wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, elektroenergetika hem-de himiýa senagaty düzümlerini giňeltmek we kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, wise-premýer oba hojalygyň zerurlyklary üçin gerek bolan himiýa önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary we ýöriteleşdirilen enjamlary peýdalanyp, ýyllyk kuwwatlylygy 20 müň tonnadan az bolmadyk ownuk üwelen kükürdiň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän içeri we daşary bazarlarda uly islegden peýdalanylýan himiýa önümleriniň mukdaryny we görnüşlerini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigini belledi.
Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň himiýa senagaty kärhanalaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak hem-de baý ýerli serişdeleriň esasynda uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde has giňişleýin işlemek barada görkezme berdi.