“Bäherden” tikin fabrigi 9 million manatdan gowrak önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bäherden” tikin fabrigi 9 million manatdan gowrak önüm öndürdi
Degişli döwürde fabrikde, esasan-da, ministrliklerdir pudak edaralarynyň buýurmalary esasynda dürli görnüşdäki önümler öndürildi.

Bäherden etrabynyň “Bäherden” tikin fabrigi geçen ýyly ýokary iş görkezijileri bilen jemledi.

“Ahal durmuşy” gazetiniň anna güni habar berşi ýaly, 2020-nji ýylda 9 million 497 müň 605 manatlyk iş edilip, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 114,2 göterim ösüş gazanyldy.

Degişli döwürde fabrikde, esasan-da, ministrliklerdir pudak edaralarynyň buýurmalary esasynda dürli görnüşdäki we ölçegdäki lybaslar, ýorgandyr düşekler, ýassyklar we olaryň örtükleri, şeýle-de agyz-burun örtükler öndürildi.

Ekologiýa taýdan arassa matalardan öndürilýän önümlere gün-günden islegiň artmagy olaryň ýokary hil derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.