Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gökdepäniň pagta egriji fabrigi 2020-nji ýyly netijeli işleri bilen jemledi.
“Ahal durmuşy” gazetiniň anna güni habar berşi ýaly, bu kärhanada geçen ýyl 69 million 963 müň 35 manatlyk iş edilip, bu ugurda ösüşiň depgini 109,6 göterime barabar boldy.
Fabrikde pagta süýüminiň gaýtadan işlenilmegi netijesinde, esasan-da, 16 we 20 belgili ýüplükleriň müňlerçe tonnasy öndürildi. Tikin we trikotaž önümçiliginde giňden ulanylýan bu görnüşli ýüplükler dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar.
Türkmenistanyň dokma senagat önümleriniň esasy sarp edijileri hökmünde Türkiýe, Russiýa, Hytaý, Gazagystan, Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Ukraina ýaly ýurtlar yzygiderli çykyş edýärler. Ýerli kärhanalaryň 30-dan gowragy eksport edijiler bolup durýarlar. 2020-nji ýylyň 11 aýynda türkmen dokma önümleriniň 318,9 million ABŞ dollary möçberi eksport edildi.