Daşary ýurtly telekeçiler türkmen benzinini we buýan kökini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtly telekeçiler türkmen benzinini we buýan kökini satyn aldylar
Daşary ýurtly telekeçiler TNGIZ-da öndürilen uçar kerosinini, awtomobil benzinini, ýakylýan mazudy, nebit bitumyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 116 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti şenbe güni habar berdi.

Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Maltadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtomobil benzinini, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, ýakylýan mazudy, nebit bitumyny satyn aldylar.

Şeýle hem BAE-den, Özbegistandan, we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamid satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE, Türkiýe, Serbiýa, Azerbaýjan, Özbegistan we Owganystan döwletleriniň işewür wekillerine reňksiz aýna, nah ýüplük, buýan köküniň gury toşaby satyldy.

Şotlandiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň işewürleri jemi 15 million manatlyga golaý nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 320 million manatlyga golaý bolan ”Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 158-si baglaşyldy.

2022