Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabrigi 2020-nji ýylda fabrik boýunça meýilleşdirilen 36 million 426 müň manatlygyň ýerine 41 million 958 müň manatlyk nah ýüplük öndürdi.
“Türkmen gündogary” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, geçen ýylda öndürilen önümleriň 16 million manada golaýy daşary ýurtlara eksport edildi.
Bu ýerde dürli ölçegdäki nah ýüplükleriň bäş görnüşi öndürilýär. Fabrigiň işçileri ýokary hilli senagat önümlerini öndürmekde geçen ýyllarda baý iş tejribesini topladylar. Yhlasly we tutanýerli zähmetiň netijesi bolan önümlere Russiýa, Türkiýe, Polşa ýaly ýurtlar we dünýä meşhur kompaniýalaryň birnäçesi uly isleg bildirýärler.
Halajyň nah-ýüplük egriji fabrigi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä bazarlarynda barha ösýän islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilen ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalaryň biridir.