Ýaşlyk keramzit zawody 10 million manatdan gowrak önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýaşlyk keramzit zawody 10 million manatdan gowrak önüm öndürdi
Ýurdumyzyň çägindäki baý çig mal gorlary, gurluşyk senagatynyň öňdebaryjy kärhanasynda degişli döwürde keramzidiň önümçiligini bökdençsiz alyp barmaga giň mümkinçilik berýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Ýaşlyk keramzit zawody geçen ýyly ýokary görkezijiler bilen jemlän kärhanalaryň biri boldy.

“Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, ýurdumyz üçin zerur bolan we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk harytlaryny öndürmekde netijeli işleri alyp barýan kärhanada 2020-nji ýylda 10 million 19 müň 504 manatlyk keramzit öndürilip, bu babatdaky ösüş depgini 110 göterime barabar boldy.

Ýurdumyzyň çägindäki baý çig mal gorlary, gurluşyk senagatynyň öňdebaryjy kärhanasynda degişli döwürde keramzidiň önümçiligini bökdençsiz alyp barmaga giň mümkinçilik berýär.

Önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar çig maly gaýtadan işlemekde we gurluşyk senagaty üçin ýokary hilli, islegli önümleri öndürmekde şert döretdi. Öndürilen önümleriň sarp edijilere wagtynda ýetirilmegi gazanyldy.

2022