Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynda 2020-nji ýylda 17 million manatdan gowrak önüm öndürildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti duşenbe güni habar berdi.
Kärhana diňe jaý gurluşygy üçin iri panelli gurnamalaryň ençeme görnüşini öndürmek bilen çäklenmän, eýsem onuň garamagyndaky gurluşyk kärhanasy sebitiň künjeklerinde dürli görnüşli jaýlary gurmaga işjeň gatnaşýar.
Ol Daşoguz şäherinde, esasan, kerpiç we iri panelli köp öýli jaýlary bina edýän bolsa, Daşoguz welaýatynyň beýleki künjeklerinde uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýlaryny gurmak maksatnamasy boýunça kottejleri gurýar.
Kärhana ýerli telekeçilik düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar. Hususy kärhanalaryň birnäçesi Köneürgenç etrabynyň “Täze ýol” geňeşliginde kompaniýa tarapyndan gurulýan döwrebap täze obada bäş otagly bir gatly jaýlaryň birnäçesiniň gurluşygyna potratçy hökmünde çekildi.
Kompaniýa Akdepe şäherinde hyzmatdaşlarynyň tagallasy bilen şeýle jaýlaryň dördüsini, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan iki gatly kottejleriň üçüsini Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň dolandyryş merkezinde bina edýär.
Ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen zawodyň esasy ugry halk hojalygynyň dürli pudaklarynda uly islege eýe bolan beton we demir-beton önümleri, şol sanda dürli diametrli turbalary, lagym beton guýylaryň gapaklaryny, beton ýol jäheklerini we beýleki önümleri öndürmek bolup durýar.