Telekeçi Baýram Muhyýewiň Sarahs etrabynyň Ýalawaç geňeşliginiň çäginde ýerleşýän döwrebap ýyladyşhana toplumynda täze ýylyň ilkinji pomidor hasyly ýygnalyp başlandy.
“Ahal durmuşy” gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, ýyladyşhana 5 gektar meýdanda ýerleşip, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Iki bölümden ybarat bolan ýyladyşhanada 70-e golaý hünärmen zähmet çekip, işleriň aglaba bölegi awtomatiki usulda ýerine ýetirilýär.
Ýyladyşhanada pomidor şitilleriniň 195 müň düýbi oturdylyp, olaryň birnäçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde ýyladyşhananyň çyglylyk, ýagtylyk, ýylylyk derejesine awtomatik usulda gözegçilik edilýär. Munuň özi oturdylýan pomidor şitilleriniň kadaly boý alyp, 85-90 günüň dowamynda bol hasylyň kemala gelmegine şert döredýär. Her düýpde 15-20 kilogram hasyl ýygnalýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan umumy meýdany 356 gektara barabar bolan 100-den gowrak ýyladyşhanalar hereket edýär. Şu ýyl ýene-de umumy meýdany 1300 gektara barabar bolan 150-ä golaý sanly ulgam esasynda dolandyrylýan ýyladyşhana toplumlaryny gurmak meýilleşdirilýär.