Jo Baýden ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti hökmünde öz işine girişdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Jo Baýden ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti hökmünde öz işine girişdi
Baýden 128 ýyl bäri maşgalasyna degişli 12,7 sm galyňlykdaky Bibliýa kitabyna elini goýup kasam kabul etdi. (Surat: AP)

Jozef Robinet Baýden Jr. çarşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 46-njy Prezidenti hökmünde kasam kabul etdi.

Baýden 128 ýyl bäri maşgalasyna degişli 12,7 sm galyňlykdaky Bibliýa kitabyna elini goýup kasam kabul etdi. 78 ýaşly Baýdeniň syýasy ulgamda 40 ýyldan gowrak tejribesi bolup, ol ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde kasamy kabul eden iň uly ýaşly Döwlet baştutany boldy.

Işe girişmek dabarasy Amerikanyň paýtagty Waşingtonda howpsuzlyk güýçleriniň giňden gözegçilik etmeginde we koronawirus pandemiýasy sebäpli çäklendirilen görnüşde geçirildi. Çärä gatnaşyp bilmedik raýatlaryň şanyna milli seýilgähde 200 müňden gowrak Amerikan baýdagy dikildi.

Dabara ABŞ-nyň ozalky Prezidentleri Bill Klinton, Jorj Buş Jr. we Barak Obama gatnaşdylar.

Jo Baýdenden öň wise-prezident Kamala Dewi Harris wepalylyk kasamyny kabul etdi. Şeýlelikde, Harris ABŞ-nyň taryhynda iň ýokary wezipeli zenan, ilkinji afroamerikan we gelip çykyşy boýunça aziýaly syýasatçy bolup, wise-prezident wezipesine işe girişdi.

Pandemiýa sebäpli Milli heýkeltaraşlyk zalynda (National Statuary Hall) Kongresiň ýolbaşçylary bilen däp bolan agşamlyk nahar, Pensilwaniýa şaýolunyň ugrundaky parad we täze Prezident we birinji aýal bilen agşamky kabul edişler ýatyryldy.

Işe girişmek dabarasyndan soň Prezident Jo Baýden we wise-prezident Harris öz ýoldaşlary bilen Ak tama (White House) ugradylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de öz adyndan jenap Jozef Baýdene ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny iberdi.

Jo Baýden 1965-nji ýylda Delawer Uniwersitetini taryh we syýasat ylymlary boýunça bakalawr derejesi bilen, 1968-nji ýylda bolsa Nýu-Ýork şäherindäki Sirakuza uniwersitetini hukuk ylymlarynyň doktory derejesi bilen tamamlady.

1972-nji ýylda 29 ýaşly Baýden Delawer ştatyndan senator wezipesine saýlandy we 36 ýyldan gowrak zähmet çekdi. 2009-2017-nji ýyllar aralygynda Jo Baýden wise-prezident wezipesinde işledi.

2022