Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Marygallaönümleri” önümçilik birleşiginiň “Altyn sähra” gallaönümleri kärhanasynda 2020-nji ýylda öndürilen önümleriň pul hasabyndaky görkezijisi 20 million 124 müň 642 manada barabar boldy.
“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, kärhanada geçen 2020-nji ýylda ýokary, birinji we ikinji hilli unuň 24 müň 374 tonnasy, kepegiň 7 müň 405 tonnasy, çörek we çörek önümleriniň 661 tonnasy öndürildi.
Bu ýerde bütin ýylyň dowamynda bugdaýlary ýokary hilli saklar ýaly elewatorlaryň 4-si hereket edýär. Azyklyk bugdaýyň jemi 112 tonnasy bu elewatorlaryň kömegi bilen aýawly saklanýar.
Kärhanada häzirki wagtda ýokary hilli unuň üç görnüşi öndürilip, onuň mukdary her günde 50-55 tonna ýetirilýär. Gündelik öndürilýän kepegiň mukdary bolsa 20 tonna ýetýär.
Oguzhan etrabynyň Parahat şäherçesinde ýerleşýän bu kärhananyň öndürýän un, çörek we çörek önümleri etrabyň ilatyna gündelik ýetirilip durulýar. Bu ýerde işleriň bökdençsiz alnyp barylmagy artýan islegleri kanagatlandyrmaga ýardam berýär.