“Nepis” haryt nyşanly jorap önümleriniň eksport edilmegi meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nepis” haryt nyşanly jorap önümleriniň eksport edilmegi meýilleşdirilýär
Kompaniýanyň her ýylda 1 million 500 müňden 2 million jübüde çenli, alyjylaryň isleglerine görä jorap öndürmäge mümkinçiligi bar.

Telekeçi Muhammetnur Atajanowyň Mary şäherinde ýerleşýän kärhanasynda “Nepis” haryt nyşanly joraplaryň 4 görnüşi öndürilýär. Ol geljekde kompaniýanyň gerimini giňeldip, öndürýän önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegi maksat edinýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, kärhana galyň hem ýuka, dürli ölçegdäki, çagalaryň we ulularyň ýaş tapawutlary göz öňünde tutulyp taýýarlanylýan, erkeklere we zenanlara niýetlenen uzyn joraplary öndürýär. Islegleri nazara alyp, tomus paslynda zenanlar üçin gysga joraplary hem çykarýar.

Şeýle-de, joraplary öndürmek üçin ulanylýan çig malyň agramly bölegi öz ýurdumyzda öndürilen pagtadan ybaratdyr.

Bellenilişi ýaly, kärhana ýurdumyzyň içerki bazarlaryny öz önümleri bilen üpjün edýär. Kompaniýanyň her ýylda 1 million 500 müňden 2 million jübüde çenli, alyjylaryň isleglerine görä jorap öndürmäge mümkinçiligi bar.

Telekeçi jorap önümçiligini 2017-nji ýylyň ahyrynda ýola goýdy. Kärhanada 20-ä golaý hünärmen zähmet çekip, ol ýerde dokma, örme bölümi; tikin we ütük edilýän hem-de önümleriň daşy dolanylýan bölüm, çig mal ammary, şeýle-de taýýar önümleriň ammary hereket edýär.