Türkmenistanyň eksport möçberleri uly sepgitlere ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň eksport möçberleri uly sepgitlere ýetdi
Plastmassa önümleriniň eksport möçberleri 2018-nji ýylda ep-esli ýokarlandy.

Türkmenistanda import edilýän harytlaryň ornuny tutmak we eksporty ösdürmek boýunça esasy taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýädäki koronawirus ýagdaýyna garamazdan 2020-nji ýylda köp ugurdaky harytlaryň üpjünçiligi artmagyny dowam etdirdi. Bu bolsa ýurduň eksport strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm sepgitlere ýetendigini açyk görkezdi.

2015-nji ýylyň maý aýynda daşary ýurt bazaryna gönükdirilen önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak üçin möhüm ädim edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda eksportyň möçberlerini artdyrmak we import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek barada döwlet maksatnamalaryny tassyklady. Bu resminamalar 114 sany uly taslamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etdi.

Şol döwürde hökümet döwlet banklaryna telekeçilere ýeňillikli karzlar bermegi tabşyrdy. Ilki bilen daýhanlara we importyň ornuny tutýan harytlary öndürijilere goldaw berildi.

Döwletiň maliýe kömegi netijesinde onlarça iri kärhanalar döredildi. Häzirki wagtda olar diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem sarp ediş önümlerini öndürýän daşary ýurt öndürijileri bilen üstünlikli bäsleşýärler.

Islendik türkmen dükanlarynda eksportyň ösüşiniň we importyň ornuny tutýan harytlaryň strategiýasynyň üstünligini aýdyň görmek bolar. Olaryň köpüsinde önümler toplumynyň 70 göterimden gowragy ýurdumyzda öndürilen.

Ýurdumyzyň dükanlarynyň tekjelerinde daşary ýurtlarda öndürilen plastmassa önümleri seýrek duş gelýär. Köplenç oýunjak önümleri import edilýär, emma ýakyn wagtda ol önüm ýerli zawodda köp mukdarda öndürilip başlanar. Eýýäm täze ýöriteleşdirilen kärhananyň taslamasy hökümet derejesinde tassyklanyldy.

Taýýar plastmassa önümleriniň eksport möçberleriniň mukdarynyň ýokarlanmagy bazaryň ösüş depginini subut edýär. Has takyklygy üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan berlen anyk sanlary görkezeris.

Türkmenistandan 2020-nji ýylda harytlary gaplamak ýa-da daşamak üçin niýetlenen plastmassa önümleriniň eksport möçberleriniň mukdary 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 485,2% ýokarlandy. Olar 671,5 tonnadan 3 müň 927,7 tonna ýetdi. Eger-de 2015-nji ýyla gaýdyp gelsek ýurtda eksportyň möçberlerini artdyrmak we import edilýän harytlaryň ornuny tutmak barada döwlet maksatnamalary kabul edilip, bu ugurdaky harydyň daşary ýurda ýarym tonnasy ugradyldy.

Türkmen turbalarynyň, polimer plastmassasyndan ýasalan turbalaryň we şlangalaryň eksporty ep-esli ýokarlandy. 2019-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli ösüş depgini 104,4%-e barabar boldy. 2015-nji ýylda bu önümleriň ugradylmagy az mukdarda bolup, umumy statistiki hasabatlarda 0,0 derejesi hökmünde görkezildi. Bu bolsa harytlaryň eksport edilendigini, ýöne çäklendirilen mukdarda bolandygyny aňladýar. Geçen ýyl Türkmenistan bu önümleriň 14 müň 653,7 tonnasyny daşary ýurtlara satdy.

Plastmassa önümleriniň eksport möçberleri 2018-nji ýylda ep-esli ýokarlandy. Türkmenistanyň Balkan welaýatynda Merkezi Aziýada iň uly polimer önümlerini öndürýän toplum işe girizildi. Ol ýerde dünýäde uly isleg bildirilýän ekologiýa taýdan arassa plastmassa önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär.

Elbetde, bu Türkmenistan üçin düýbünden täze önüm we eksportyň ummasyz ösmegine obýektiw baha bermek kyn. Bu sanlar hakykatdanam uzak möhletleýin eksport strategiýasyny durmuşa geçirmekde täze tapgyry görkezýärmi ýa-da täze toplumyň işe girizilmeginden wagtlaýyn täsirmi?

Bu soraga Türkmenistan üçin has adaty eksport önüm bolan pomidory mysal edip alsak bolar. Eksportyň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalary 2015-nji ýylda kabul edilende, Türkmenistan daşary ýurtlara 1 müň 451,7 tonna pomidor ugratdy. 2020-nji ýylda bu görkeziji 37 müň 750,1 tonna çenli ýokarlandy. Ösüş depgini 2 müň 501,6%-e deň boldy.

Adaty önümiň eksportynda şeýle uly ösüş depgini tötänlik ýa-da şowlulyk däl. Bu kesgitlenen uly we hyjuwly maksada ýetmegiň görkezijisidir.

Hökümet hususy oba hojalyk öndürijilerine ýyladyşhanalary gurmak üçin karz pullaryny bölüp bermek bilen goldaw berdi. Uly ýyladyşhana toplumlarynda häzirki wagtda diňe bir pomidor ösdürilip ýetişdirilmän, eýsem başga-da onlarça witamin görnüşli önümler ösdürilip ýetişdirilýär.

Oba hojalygynyň bu pudagynyň çalt depginde ösmegi netijesinde telekeçiler dürli ugurlarda synag geçirmäge mümkinçilik alýarlar. Olar ýyladyşhanalarda miweleriň we gök önümleriň ekzotiki görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Şeýlelikde, Türkmenistanda birnäçe iri oba hojalyk öndürijileri içerki bazarlary köp mukdarda banan bilen üpjün edýärler.

Häzirki wagtda türkmen işewürleri sarp ediş harytlarynyň ähli ugurlaryny diýen ýaly öndürýärler. Telekeçiler daşary ýurt öndürijileri bilen üstünlikli bäsleşýärler we bazar üýtgemelerine tiz jogap berýärler.

Koronawirusyň dünýäde ýaýramagyndan gysga wagtyň dowamynda içerki önüm öndürijileriň onlarçasy antiseptiki we zyýansyzlandyryjy önümlerini öndürip başladylar. Ozal ýurdumyzda şeýle harytlaryň diňe birnäçe görnüşleri bardy. Islegiň ýokarlanmagy ýurdumyzyň hususy pudagynyň çeýeligini görkezýän üpjünçiligiň çalt ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Eksportyň ösüşiniň we importyň ornuny tutýan harytlaryň strategiýasynyň netijesinde Türkmenistan şu gün täze sepgitlere ýetdi. Bu ädimden geçip, ýurt senagat ösüşiniň indiki tapgyryna gadam basýar. Bu tapgyrda bize näme garaşýar?

2020-nji ýylyň ahyryndaky we 2021-nji ýylyň başyndaky wakalar ýakyn ýyllarda import edilýän harytlaryň ornuny tutjak sarp ediş elektronikasynyň ýurtda çalt depginde amala aşyryljakdygyny görkezýär. Türkmen döwlet-hususy kärhanalaryndan telewizorlaryň, planşetleriň we kompýuterleriň birinji tapgyry bazara çykýar.

Biz içerki elektronika pudagynyň döremegine şaýat bolduk. Öňümizdäki birnäçe ýyllarda bolsa onuň gülläp ösüşini göreris.

Çeşme: ORIENT.tm, 27.01.2021 ý.

2022