Gazagystan Türküstan-Daşkent ýokary tizlikli demir ýolunyň gurluşygyna badalga berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan Türküstan-Daşkent ýokary tizlikli demir ýolunyň gurluşygyna badalga berer
Gazagystanyň hökümeti hususy maýanyň gatnaşmagynda ileri tutulýan ugurlarda syýahatçylyk infrastrukturasyny döretmekde işjeň çäreleri görýär. (Surat: khabar.kz)

Şu ýyl Gazagystanyň Türküstan şäherinden Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine çenli ýokary tizlikli demir ýolunyň gurluşygy başlanar. Bu barada Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin sişenbe güni hökümetiň mejlisinde aýtdy.

“Hökümet hususy maýanyň gatnaşmagynda ileri tutulýan ugurlarda syýahatçylyk infrastrukturasyny döretmekde işjeň çäreleri görýär. Şu ýyl 1,1 trillion teňňe maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işler amala aşyrylyp başlanar” diýip, Askar Mamin aýtdy.

“Hususan-da, syýahatçylyk ýerleri, ekoturizmi, milli seýilgähleri ösdürmek üçin çäreler toplumy kabul ediler. Syýahatçylaryň sanyny artdyrmak üçin Türküstan-Şymkent-Daşkent ýolunda ýokary tizlikli demirýol gurluşygy başlanar” diýip, premýer-ministr hasabat berdi.

Hökümet Baştutany munuň syýahatçylyk pudagynda 22 müň täze iş orunlarynyň, şeýle hem ykdysadyýetiň degişli pudaklarynda 100 müň täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berjekdigini belläp geçdi.

Türküstan Gazagystanyň Türküstan sebitiniň dolandyryş merkezidir. Şäher Syr derýasynyň golaýynda we Şymkent şäherinden 160 km daşlykda ýerleşýär.

 
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022