Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz pagta egriji fabrigi geçen ýyl 63 million manatdan gowrak nah ýüplügini, ýagny göz öňünde tutulan meýilnamadan 10 million manatdan gowrak öndürdi.
“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, fabrikde öndürilýän “Ring” haryt nyşanly nah ýüplüginiň 70% -e golaýy haryt-çig mal biržasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda daşary ýurtly alyjylara ugradylýar. Olaryň hataryna Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri girýär.
Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýanyň önümleriniň yzygiderli satylmagy, daşarky we içerki bazarlaryny işjeň öwrenýän we islegleri seljerýän marketing hyzmatynyň bolmagy bilen amala aşyrylýar.
Kärhana “Marzoli”, “Savio”, “Loptex” ýaly meşhur kompaniýalaryň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylyp, önümleri we dokma aýratynlyklary boýunça ýokary hilli halkara standartlaryna laýyk gelýändir.