Saud Arabystany gaýtadan dikeldilýän energiýa geçmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Saud Arabystany gaýtadan dikeldilýän energiýa geçmegi meýilleşdirýär
Saud Patyşalygy Gün elektrik energetikasy babatda uly meýilleriniň bardygyny beýan edipdi. (Surat: "The National")

“Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli energetikasynyň 50%-ni gaza, galan bölegini bolsa energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçirmegi meýilleşdirýär” diýip, ýurduň energetika ministri şazada Abdulaziz ben Salman Er-Riýadda "Future Investment Intiatives" forumynyň çäklerinde aýtdy. Bu barada “Interfaks” agentligi geçen penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Saud Patyşalygy Gün elektrik energetikasy babatda uly meýilleriniň bardygyny mundan öň beýan edipdi.

Netijede nebitiň ulanylyşy azaldylyp, Saud Patyşalygynda ony eksport etmäge has köp mümkinçilik peýda bolar diýip, şazada belledi.

Interfaksyň maglumatyna görä, Saud Arabystany şeýle hem energiýa tygşytlylygy boýunça maksatnamalary ornaşdyrýar we geljekde hem ornaşdyrmagy dowam etmegi meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda Saud Arabystany nebit çykarmak boýunça dünýäde üçünji orunda durýar. Ol OPEC+ ylalaşygynyň çäklerinde günde 9 mln barrel nebit çykaryp, 6 mln barrel eksport edýär. Ylalaşykdan öň, 2018-nji ýylyň oktýabrynda ol günde 11 mln barrel çykaryp, onuň 7 mln barrelini eksport edýärdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022