Brent nebitiniň bahasy 57 ABŞ dollaryndan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Brent nebitiniň bahasy 57 ABŞ dollaryndan geçdi
WTI nebitiniň mart aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 54 ABŞ dollaryndan geçdi. (Surat: BP)

“ICE Futures Exchange” biržasynda sişenbe güni geçirilen söwdalaryň dowamynda Brent nebitiniň aprel aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 57 ABŞ dollaryndan geçdi.

Şol bir wagtda, WTI nebitiniň mart aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 54 ABŞ dollaryndan geçdi.

ABŞ-da nebitiň gorunyň azalmagy we ýurduň demirgazyk-gündogarynda güýçli gar ýagmagy sebäpli gyşda ýangyja bolan islegleriň artmagy nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy diýip, “Reuters” agentligi habar berýär.

“Reuters” agentliginiň maglumatyna görä, OPEC+ ýurtlarynyň nebit önümçiligini azaltmak boýunça çäklendirmelerini mundan beýläk ýeňilleşdirmek baradaky netijesinden soň bu ýurtlaryň nebit önümçiligi ýanwar aýyna çenli yzygiderli ýedi aýlap ýokarlandy. Emma, önümçiligiň artmagy garaşylmagyndan az boldy.

“Price Futures Group” kompaniýasynyň analitigi Fil Flinyň aýtmagyna görä, OPEC+ ýurtlarynyň borçnamalarynyň berjaý edilmegi nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy we ABŞ-nyň nebit gorlarynyň azalmagy bilen baglanyşyklydyr.

ABŞ-nyň “Goldman Sachs” banky iýul aýyna çenli nebitiň bir barreliniň  bahasynyň 65 ABŞ dollaryna çenli ýokarlanjakdygyny, şeýle hem 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýangyç bazarynda her gün 900 müň barrel nebitiň ýetmezçilik etjekdigini çak edýär. Bu çaklama mundan öň 500 müň barrele barabardy.

Saud Arabystany Patyşalygy ýanwar aýynda geçirilen OPEC+ mejlisiniň barşynda 2021-nji ýylyň fewral we mart aýlarynda nebit önümçiligini günde bir million barrele çenli azaltmak barada meýletin karar berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022