Türkmen telekeçisi “AÝS” alkogolsyz içgileri eksport etmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi “AÝS” alkogolsyz içgileri eksport etmegi meýilleşdirýär
Kärhanada zirk, zirk-ýertudana, kola, pyrtykal, gara üzüm tagamlary ýaly ýokary hilli alkogolsyz içgileriniň dürli görnüşleri öndürilýär.

Telekeçi Tirkişgeldi Durdymyradowyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän kärhanasynda “AÝS” haryt nyşanly alkogolsyz gazlandyrylan içgileriň dürli görnüşleri öndürilýär. Ol 2021-nji ýylyň ýaz aýlarynda içgileriň täze görnüşlerini öndürmegi we daşary ýurtlara eksport etmegi maksat edinýär.

Kompaniýanyň ykdysatçysy “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, kärhanada zirk, zirk-ýertudana, kola, pyrtykal, gara üzüm tagamlary ýaly ýokary hilli alkogolsyz içgileriniň dürli görnüşleri öndürilip, olaryň çig mallary Germaniýanyň “DÖHLER” kompaniýasyndan getirilýär.

Kärhana Polşanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, onuň önümçilik kuwwaty bir sagadyň dowamynda 9000-9500 sany içgi önümlerini öndürmäge niýetlenendir.

Kompaniýa geljekde alkogolsyz gazlandyrylan we gazlandyrylmadyk içgileriniň gaplarynyň daşky görnüşini täzelemegi meýilleşdirýär. Bu ugurda telekeçi T.Durdymyradow häzirki wagtda degişli işleri alyp barýar.

Telekeçi öz işini 2007-nji ýylda azyk önümleriniň söwdasy bilen başlady. Ol 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri “AÝS” haryt nyşanly alkogolsyz içgileriň dürli görnüşlerini öndürýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022