Köneürgençdäki ýyladyşhanada 760 tonna pomidor hasyly ýygnalar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Köneürgençdäki ýyladyşhanada 760 tonna pomidor hasyly ýygnalar
Ýyladyşhanada pomidoryň “Bandito” görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.

Daşoguz welaýatynyň “Azyk” önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumy şu ýylyň iýun aýyna çenli pomidor hasylynyň 760 tonnadan gowragyny ýygnamagy göz öňünde tutýar.

“Daşoguz habarlary” gazetiniň penşenbe güni habar berşine görä, şu möwsümde ýyladyşhanada pomidoryň “Bandito” görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär we häzirki wagta çenli 240 tonna golaý pomidor hasyly içerki bazarlarymyza ugradyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, ýyladyşhananyň umumy tutýan meýdany 10 gektar bolup, onda 4 bölüm hereket edýär. Ýyladyşhanada işler awtomatik usulda ýerine ýetirilip, ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, çyglylygy, howany kadaly ýagdaýda saklamak kompýuterler arkaly dolandyrylýar.

Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhanada 100-den gowrak işgär zähmet çekip, olar iki ýyldan bäri pomidor hasylyny ýygnaýarlar.

2022