Telekeçi Tirkişgeldi Durdymyradowyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän kärhanasynda “Rowaç” kagyz we dürli nemli-gigiýeniki süpürgiçler, “Aýla” haryt nyşanly aşhana we hajathana kagyzlary öndürilýär. Ol 2021-nji ýylda önümleriniň täze görnüşlerini öndürmegi we daşary ýurtlara eksport etmegi maksat edinýär.
Kompaniýanyň ykdysatçysy “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, kärhanada ekologiýa taýdan arassa dürli ululykda aşhana kagyz süpürgiçleri, hajathana kagyzlary we nemli-gigiýeniki süpürgiçleri ýerli çig maldan öndürilýär.
Kompaniýanyň önümçilik sehiniň meýdany 1 gektara barabar bolup, ol ýerde laboratoriýa we ammar ýaly birnäçe bölümleri bar. Kärhana Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Kompaniýa geljekde önümleriniň daşky görnüşini täzelemegi we dürli görnüşlerini öndürmegi meýilleşdirýär. Bu ugurda telekeçi T.Durdymyradow häzirki wagtda degişli işleri alyp barýar.
Telekeçi 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda gigiýeniki serişdeleriniň önümçiligine başlap, eýýäm bu ugurda 5 ýyl bäri üstünlikli zähmet çekip gelýär.