“Türkmenhaly” 28,560 inedördül metr el haly önümlerini öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenhaly” 28,560 inedördül metr el haly önümlerini öndürdi
Geçen ýylyň dowamynda “Türkmenhaly” döwlet birleşigi 2 müň 495 inedördül metr el haly eksport etdi.

Geçen ýylyň dowamynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda 28 müň 560 inedördül metr el haly we haly önümleri dokaldy diýip, birleşigiň başlygy Ogulhajat Işangulyýewa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni söwda toplumyny ösdürmek boýunça geçiren maslahatynyň dowamynda hasabat berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Işangulyýewa 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 2 müň 495 inedördül metr el haly eksport edilendigini mälim etdi. Hasabat döwründe pudakda önüm öndürmek boýunça ösüş depgini 120,2 göterime barabar boldy.

Şeýle hem iş maslahatynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew telekeçi halyçylaryň alyp barýan işleri barada hasabat berdi we Saud Arabystany Patyşalygynda “Berkarar” söwda dükanynyň işleýändigi, onda türkmen el halylarynyň satylýandygy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemegiň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu ugurda işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi Türkmenistandan arassa ýüňden dokalýan türkmen el halylaryny dünýä bazaryna iberýän esasy tarap bolup durýar. Häzirki wagtda birleşigiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň sekiz sanysy degişli bolup, bular Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenanlar zähmet çekýär.

2022